Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti El-Kuweýt şäherinde geçirilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça maslahata gatnaşdy

05.11.2024 | 21:20 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti El-Kuweýt şäherinde geçirilen terrorçylyga garşy göreşmek boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry” atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy.

05112024-delegaciya-turkmenistana-v-el-kuvejte (2).jpg

Maslahat 4-5-nji noýabry aralygynda El-Kuweýt şäherinde geçirildi. Ministrler mejlisiniň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm meseleleri şeýle hem häzirki zaman howplaryna garşy göreş göreşmegiň gurallarynyň netijeliligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar hünär hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky ygrarlylygy tassykladylar, şeýle hem terrorçylyga garşy göreşmekdäki tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ulgamlaýyn çäreleri işläp düzmekde bilelikdäki mümkinçilikleriň ulanylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Öz çykyşynda Ahmet Gurbanow BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň milli we halkara derejelerde parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreşmek maksady bilen ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygyny belledi – diýip, DIM-i habar berýär.

05112024-delegaciya-turkmenistana-v-el-kuvejte (1).jpg

Maslahatyň çäginde möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi, şonuň dowamynda türkmen wekiliýeti möhüm infrastrukturany goramak we ony üpjün etmek üçin amaly çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) ýolbaşçysy Wladimir Woronkow çykyşynda Türkmenistanyň hökümetine UNOCT bilen ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de onuň işine doly goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

05112024-delegaciya-turkmenistana-v-el-kuvejte (4).jpg

Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary 11-12-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek UNOCT-niň çäresine çagyrdy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Maglumat üçin: “Duşanbe prosesi” atly ýokary derejeli halkara terrorçylyga garşy göreşmekde gurallary maslahaty 2018-nji ýylda döredildi we BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi, Täjigistan hökümeti, hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Häzirki maslahat ilkinji gezek Täjigistanyň çäginden daşynda guraldy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: