Iň täze habarlar

“Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” film-essesiniň premýerasy Moskwada geçiriler

23.11.2024 | 00:35 |
 “Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” film-essesiniň premýerasy Moskwada geçiriler

Şu ýyl, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň geçirilmegi dowam etýär. Bu maksatnamanyň çäginde Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we GDA agza döwletleriniň dilleri we medeniýeti üçin esasy gurama bolan Moskwanyň Döwlet dil uniwersitetiniň goldawy bilen “Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” atly dokumental bilim film-essesiniň premýerasyna taýýralyk görýär.

“Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” film-essesiniň premýerasy 5-nji dekabrda Moskwanyň Döwlet dil uniwersitetiniň mejlisler zalynda (başlaýan wagty 12:30-da) bolar diýip, ilçihanada habar berildi.

Anastasiýa Pawlowanyň adybir şahyrana pýesesine esaslanyp döredilen “Dünýäniň uçursyz zehinleri. Türkmenistan. Atamyň wesýetleri” atly film-essesi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iri rus taslamalarynyň biri boldy.

Anastasiýa Pawlowa – halkara jemgyýetçilik işgäri, “GDA + Dünýä: Medeniýet. Bilim. Syýahatçylyk” atly garaşsyz integrasiýa maksatnamasynyň awtory we ýolbaşçysy, “Dünýäniň uçursyz zehinleri” atly taslamasynyň awtory “Adamyň wagty” atly durmuş-medeni başlangyçlarynyň egindeş başlygy. Filmiň režissýory –“Adamyň wagty” DMB-nyň egindeş başlygy, “Dünýäniň uçursyz zehinleri” atly taslamanyň baş utgaşdyryjysy Nadežde Geraşçenko.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: