Kapadokiýada Magtymgulynyň portreti howa şarynda asmana galdyryldy
03.11.2024 | 23:45 |Ankaradaky Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulýew 1-2-nji noýabrda Kapadokiýanyň köp bölegini öz içine alýan Türkiýäniň merkezindäki Newşehir sebitine saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde ilçi, iki ýurduň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin “EkoÝewraziýa” gaznasy we Türki dünýäniň raýat jemgyýeti hyzmatdaşlygy assosiasiýasy (TÜRKSIT) bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik missiýasy tarapyndan gurnalan çärelere gatnaşdy.
Şeýlelikde, maksatnama, işewürlik dünýäsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Newşehir Söwda-senagat edarasynda “Türkiýe-Türkmenistan: ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum mümkinçilikleri” duşuşygyny, Gýuraý muzeýinde açylan “Türkmenistan fotosuratlarda” sergisini, ilçiniň şäher häkimýetleri, ýerli uniwersitetleriň rektorlary bilen duşuşyklary, gözel ýerlere ýerlere, şol sanda gadymy gaýa oturymly ýerlerine baryp görmekligi öz içine aldy.
Şeýle hem, Türkiýäniň iň meşhur syýahatçylyk sebitlerinden biri bolan Göreme şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýörite çäre geçirildi – Kapadokiýada Türkiýäniň we Türkmenistanyň baýdaklary asylan hem-de türkmeniň beýik şahyrynyň suraty asylan sebet howa şary bilen asmana göýberildi diýip, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň esasan taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýandygyny belläp, “EkoÝewraziýa” gaznasynyň başlygy Hikmet Eren: “Iki ýurduň syýasy we ykdysady mümkinçilikleri, türki dünýäsiniň ösmeginde, ýewraziýa geografiýasynda parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda esasy orny eýeleýär” – diýip, žurnalistlere aýtdy.
TÜRKSIT direktorlar geňeşiniň başlygy Kemal Kurnaz: “Medeniýet – bu özboluşlylygy görkezýän milletiň kökidir. Şonuň üçin medeni taslamalara goýlan her bir maýa goýum, adamlaryň öz taryhyna, sungatyna we däp-dessurlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirýär.
Iki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän medeni taslamalar, bilim hyzmatdaşlygy we ýaş nesilleriň arasynda alyş-çalyş maksatnamalary halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hasam çuňlaşdyrýar. Bu taslamalar halkara meýdançasynda medeni diplomatiýanyň işjeň ugry hökmünde türki dünýäsini hem görkezýär” diýip, belledi.
ORIENT news