Iň täze habarlar

Samarkand şäherinde Merkezi Aziýada gidrometeorologiýa gullugyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça seminar geçirilýär

05.11.2024 | 11:39 |
 Samarkand şäherinde Merkezi Aziýada gidrometeorologiýa gullugyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça seminar geçirilýär

Samarkand Merkezi Aziýada gidrometeorologiýa gullugyny döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça ikinji seminaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Seminar Bütindünýä banky we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde Bütindünýä meteorologiýa guramasy tarapyndan guraldy. Ol Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Finlýandiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Gidrologiýa, suw serişdeleri we kriosfera bölüminiň direktory Stefan Ulenbrugyň gatnaşyjylara bolan çykyşynda belleýşi ýaly, bu seminar howanyň üýtgemegine we gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna garşy göreş boýunça tejribe we pikir alyşmak hem-de öňde duran işiň ýol kartasyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýändigini belledi. Sebitiň döwletleriniň meteorologiýa gulluklaryny dolandyryşlaryň dünýäniň beýleki sebitlerindäki bu pudagyň wekilleri bilen geljekki hyzmatdaşlygy hem meýilleşdirilýär.

Gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň milli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar, möhüm teklipleriň we başlangyçlaryň birnäçesini öwrenýärler.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: