Iň täze habarlar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär

05.11.2024 | 13:35 |
 «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar.

20241026_154636 (1).jpg

Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.

20241027_122410.jpg

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkiýe Respublikasynyň bir näçe stansiýalaryndan ugradylýan bu gumanitar kömek ýüklerini 2021-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlaryndan bäri Etrek stansiýasynda kabul edip, olary degişli bolan deslapky owgan stansiýalaryna ugratmaga dowam edýär we gelejekde de bu ugurda Etrek stansiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga dowam eder.

ORIENT news

Foto: «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM)

Şeýle hem okaň: