Iň täze habarlar

Türkmenistanda täze elektrik beketleri açyldy

04.11.2024 | 11:55 |
 Türkmenistanda täze elektrik beketleri açyldy

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy.

Güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekedi dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi.

1

Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Şeýle hem düýn Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowat bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi.

2

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: