Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Hytaýdaky Dolandyryş akademiýalar we döwlet dolandyryş forumyna gatnaşdy

02.11.2024 | 10:30 |
 Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Hytaýdaky Dolandyryş akademiýalar we döwlet dolandyryş forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektoryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti oktýabr aýynyň ahyrynda Pekinde geçirilen “Dolandyryş kuwwatlygyny döwrepablaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk” atly Dolandyryş akademiýalar we döwlet dolandyryş forumyna gatnaşdy.

Çäre Hytaý Halk respublikasynyň Milli dolandyryş akademiýasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň dolandyryş akademiýalarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Forumyň çäklerinde Hytaý Halk respublikasynyň Milli dolandyryş akademiýasynyň wise-rektorynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň dolandyryş akademiýalarynyň wekiliýetleri bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dolandyryş akademiýalaryň arasynda döredilen hyzmatdaşlyk ulgamyny mundan belýäk-de kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de wekiller HHR-iň Milli dolandyryş akademiýasynyň kitaphanasyna we muzeýine baryp gördüler.

Bu Forum bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze mazmun goşup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berer. Bu ulgam döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylyşy we okadylyşy boýunça geljekki hyzmatdaşlyga ýardam edip, işgärleri taýýarlamak, hünärmenleri özara alyşmak, döwlet dolandyryş ulgamy bilen baglanyşykly okuw we geňeşme çärelerini geçirmek, sanly dolandyryş, döwlet dolandyryşda innowasiýalar, döwlet gullukçylarynyň etikasy ýaly ugurlar boýunça yzygiderli gysga- we uzakmöhletleýin ylmy-barlag we okuw maksatnamalary, okuwlary, leksiýalary geçirmek babatynda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň bilelikdäki işini pugtalandyrar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň bu foruma gatnaşmaklary sanly dolandyryş ulgamy, institusional ösüş we döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda innowasion tejribäni öwrenmek boýunça halkara guramalar we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn institutlary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary aýdyň açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: