Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet dolandyryşy boýunça onlaýn okuwy geçirildi
02.11.2024 | 11:20 |2024-nji ýylyň 28-31-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Türkmenistanda döwlet dolandyryşy” (GAT) taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Halkara täjirçilik arbitražy we mediasiýa” mowzugy boýunça onlaýn-okuwy geçirildi.
Bu okuw mugallymlaryň we diňleýjileriň Halkara täjirçilik arbitražy we mediasiýa boýunça esasy bilim zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen. Onlaýn okuwyny “Foley Hoag” kompaniýasynyň halkara kazyýet dawalary we arbitraž bölüminiň hyzmatdaşy Diana Sutiýewa geçirdi. Onuň iki sany hünär taýýarlygy bolup, energetika we ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly dawalara aýratyn ýöriteleşdirilen halkara jemgyýetçilik hukugy we maýa goýum arbitražy babatda agyr meselelerinde baý tejribesi bar.
Onlaýn-okuwyň çäklerinde arbitraž şertleri we ylalaşyklary, arbitraž ylalaşyklarynyň bölme taglymaty, arbitraž ylalaşyklarynda hukugy saýlamak, Nýu-Ýork konwensiýasy we beýleki arbitraž ylalaşyklary, maýa goýum arbitražy, mediasiýanyň aýratynlyklary we başga derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylaryň okuwyna, ýokary taýýarlygynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine ýöriteleşdirilendir. Munuň bilen baglylykda, bu onlaýn okuwy uly ähmiýete eýedir, sebäbi Akademiýada döwlet dolandyryşyň dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly üns berilýär.
Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän USAID-iň “Türkmenistanda döwet dolandyryşy” taslamasy döwlet dolandyryş, kanun döredijilik işine we durmuş-ykdysady ösüşe ýardam berýär. Aýdyň we inklýuziw dolanrydyşy we subutnamalara esaslanan kanun döredijiligi öňe sürmek bilen, GAT durnukly ykdysady we durmuş ösüşine tarap ýol gurýar. Bu başlangyç ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky strategik bähbitleri bilen gabat gelip, garaşsyzlygy, durnuklylygy we Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýete goşulyşmagyny goldaýar, şeýle hem demokratik gymmatlyklarynyň öňe sürülmegine ýardam berýär.
ORIENT news