Iň täze habarlar

Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergisi dabaraly açyldy

04.11.2024 | 10:15 |
 Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergisi dabaraly açyldy

2024-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Halkara sergisinde ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň we hususy kompaniýalaryň önümleri görkezildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda birnäçe dürli ýurtlardan öňdebaryjy gurluşyk, senagat we energetika kompaniýalary hem-de meşhur, iri öňdebaryjy kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar, sergide özüniň iň soňky tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny we önümlerini görkezdiler. Olar Türkmenistanda işlemegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşýarlar we täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny gazanmagy maksat edinýärler. Mundan başga-da, türkmen kompaniýalary we döwlet edaralary gurluşyk, senagat we energetika we beýleki ugurlar boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Bu kärhanalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde täze tehnologik taslamalary işläp taýýarlamak hem-de taslamalary giňeltmek boýunça iş alyp barýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän halkara sergisi bilen bir hatarda, şol gün «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty öz işine başlady.

Häzirki döwürde eziz Watanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata-babalarymyzdan miras galan, milli binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi. Olaryň hatarynda bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary we beýleki binalardyr desgalar guruldy. Şeýle hem olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.

Ýokary derejede geçirilýän halkara sergi we ylmy maslahaty gepleşikler, innowasiýa ösüşlerini we tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmakda tejribe alyşmak üçin interaktiw meýdança bolup hyzmat eder. Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýan wekiller häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary, milli ykdysadyýetiň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk pudagynyň ösmegi bilen şäherlerde we obalarda durmuşy hal ýagdaýyny gowlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalar bilen tanşyp bilerler. Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna we halkara maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: