Hindistanda Airbus C-295 uçarlary öndürýän hususy zawod açyldy
31.10.2024 | 16:15 |Hindistanyň Gujarat welaýatynda Airbus C-295 harby ulag uçarlaryny öndürýän ilkinji hususy zawody açyldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Airbus SE we Tata Advanced Systems kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gurulan täze zawod hindi goşunynyň könelişen düzümini täzelemek üçin ulag uçarlarynyň önümçiliginde ýöriteleşdiriler. Şertnama laýyklykda, Hindistan C-295 uçarlarynyň 56-syny alyp, olaryň 16-sy Ispaniýada öndüriler, galanlary bolsa – hindi zawodynda.
Ilkinji uçarlar 2026-njy ýylda çykarylar, gutarnykly tapgyryna 2031-nji ýylyň awgustynda garaşylýar. C-295 uçarlary 71 harbylara çenli ýa-da 9 tonna ýük geçirip biler, bu bolsa öz kuwwatlylygyny ýitirip barýan könelişen Avro we sowet An-32 uçarlarynyň orununy tutmaga ýardam eder.
Şeýle-de, bu taslama uçarlar üçin gerekli düzüm bölekleriniň öndürilişi bilen meşgullanjak Bharat Electronics Ltd. we Bharat Dynamics Ltd. ýaly Hindistanyň döwlet kompaniýalaryny özüne çekýär.
ORIENT news