Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti kabul edildi

01.11.2024 | 23:05 |
 Türkmenistanyň DIM-de Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti kabul edildi

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT news

Foto: Shutterstock

Şeýle hem okaň: