TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
25.11.2024 | 17:40 |«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
Bu ýükler multimodal görnüşde ýurduň dürli şäherlerine ugratylýar we telekeçilere öz wagtynda, ýokary hilde gowşurulýar.
Etrek demir ýol stansiýasynda wagonlarda gelýän dürli görnüşli ýükleri (hojalyk harytlary, umumy ýükler, gurluşyk harytlary we ş.m.) Etrek stansiýasynyň döwrebap infrastruktura mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýük awtoulaglaryna geçirmek amallary bilen degişli bolan deslapky nokadyna ugradýarlar.
Ýeri gelende bellesek, TULM tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň esasy görnüşleriniň arasynda – dürli ulag görnüşlerinde ýükleri daşamak, ammar hyzmatlary, gümrük hyzmatlary , şeýle hem ýükleri daşamakda we ugratmakda howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ýokary hilli hyzmatlary bar.
Has giňişleýin maglumatlar tulm.tm resmi web-saýtynda görkeilen.
ORIENT news