Halkara Ýaşlar ylmy maslahaty: Parahatçylyk we raýdaşlyk köprüsi
02.11.2024 | 10:30 |31-nji oktýabrynda we 1-nji noýabrynda Minsk döwlet lingwistika uniwersitetinde «Diller we raýdaşlyk okuw arkaly parahatçylyk we toleransiýa» atly halkara ýaşlar ylmy maslahaty geçirildi. Bu çärede dürli ýurtlardan ýaş alymlar, okuwçylar we hünärmenler dünýä dilleriniň we bilimiň parahatçylygy we düşünişmegi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar umumy mejlislerde we 3 sany bölümçelerde sosial terbiýe we geçiş döwründäki ýaşlar, talyplaryň arasynda raýdaşlyk we watansöýüjilik duýgusy, dürli medeniýetler arasyndaky gatnaşyklar we dil bilimi, sungatyň adam aňynyň kemala gelmegindäki ähmiýeti, taryhy hakydanyň dürli medeniýetler arasyndaky gatnaşyklara ýetirýän täsiri, tehnologiýalaryň şahsyýetde özüne degişlilik duýgusynyň kemala gelmegine ýetirýän täsiri, dünýä medeniýetiniň şahsyýetiň ösüşindäki ähmiýeti, halklaryň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy, dürli medeniýetlerde raýdaşlyk we watansöýüjilik duýgusynyň kemala gelmegi barada giň pikir alyşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň agzalary maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Şol sanda bu maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň agzalary hem işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimi ösdürmek arkaly parahatçylygy, raýdaşlygy we dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler bilen çykyş etdiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar XXI asyrda dialogy, hyzmatdaşlygy we innowasion ýol görkezmeleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.
ORIENT news