Iň täze habarlar

Türkmenistan Almatyda geçirilen sanitar-epidemiologik gözegçilik meseleleri boýunça seminara gatnaşdy

01.11.2024 | 12:00 |
 Türkmenistan Almatyda geçirilen sanitar-epidemiologik gözegçilik meseleleri boýunça seminara gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda geçirilen sanitar-epidemiologik gözegçilik meseleleri boýunça seminara gatnaşdy.

Seminar ýokanç kesellerine netijeli epidemiologik gözegçiligini amala aşyrmak üçin pudagara gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Seminar BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy we BMG-niň Daşky gurşawy boýunça Maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan geçirildi.

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň wekiliýetlerinden hem ybarat bolan gatnaşyjylar derwaýys epidemiologik ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, köpçülikleýin saglyga abanýan howplaryna taýýarlygy we täsir edişi ýokarlandyrmak strategiýalarynyň işläp taýýarlamalaryna öz goşandyny goşdy.

ORIENT news

Foto: instagram.com/who_turkmenistan

Şeýle hem okaň: