Iň täze habarlar

Fransuz gözelligi: Aşgabatdaky DESSANGE Paris merkeziniň ulgamlarynda güýz-gyş möwsüminiň esasy ugurlary barada aýdyp berdiler

01.11.2024 | 20:15 |
 Fransuz gözelligi: Aşgabatdaky DESSANGE Paris merkeziniň ulgamlarynda güýz-gyş möwsüminiň esasy ugurlary barada aýdyp berdiler

Gözellik merkezini saýlap alanyňda, birnäçe faktorlar möhüm bolup durýar: amatly ýerleşişi, birkemsiz hyzmatlary, ussatlaryň professional derejesi, müşderilere mylakatlylyk, innowasion tehnologiýalar we kosmetik serişdeleriniň iň gowy görnüşleri. Bu babatda DESSANGE gözellik merkeziniň Aşgabat ulgamy ýokarda agzalan ähli talaplara laýyk gelýär.

Merkeziň gapysyndan gireniňden, dynç almaga höweslendirýän we oňaýly täsirleri döredýän özboluşly atmosfera duýulýar. Öz müşderileri üçin ajaýyp keşpleri döredýän hünärmenleriň döredijiliginiň we ýokary taýýarlylygynyň netijesinde howada sungat “hoşboý ysy” ganat gerip dur. Bu günler bolsa Fransiýanyň DESSANGE Akademiýasynyň iki sany bilermeniň ýolbaşçylygynda merkeziň ýagdaýy has janlandyryldy.

1

Ismael we Fani DESSANGE gözellik merkeziniň işgärlerine saç bejerişleriň we “Kaliforniýa ballaýažy” stilindäki meşhur boýama täze tehnikasyny öwretmek maksady bilen Türkmenistana geldiler.

2

Şu ýyl DESSANGE halkara brendiniň stilistleri güýz-gyş möwsüminiň tebigat gözelleiginden ruhlanyp, gözellik keşpleriniň täze kolleksiýasyny döretdiler.

3

Bu möwsümiň kolleksiýasynda döwrebap gysga saç bejerişlere, kare, ýeňil maňlaý saçlary we tolkun zülplere aýratyn ähmiýet berildi. “Kaliforniýa ballaýažy” tehnikasy keşbiň tebigylygyny we nuranalygyny açyp görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, bu boýama tehnikasyny köp ýyl mundan ozal DESSANGE halkara brendiniň esaslandyryjysy Žak Dessanž döretdi.

4

Aşgabatdaky DESSANGE gözellik merkeziniň hünärmenleriniň okuwy tamamlanandan soňra, gelen myhmanlar möwsümiň hakyky täzeçiligi boljak täze aýdyň keşplerine baha berip bilerler.

5

Aşgabatdaky DESSANGE gözellik merkeziniň eýýäm 5 ýylyň dowamynda öz müşderilerini begendirýändigini bellemek gerek. Ol DESSANGE Internatonal halkara torunyň bölegi we iň oňat franşizasy hasaplanýar. Gözellelik merkeziniň esasy maksady – her müşderini bagtly edip, özüne bolan ynamy döretmek, olaryň tebigy gözelligini açyp görkezmekdir. Diňe zenanlar däl, eýsem dürli ýaşdaky erkek adamlar, hat-da çagalar hem merkeziň hemişelik müşderileriniň arasyndadyr.

6

Türkmenistandaky DESSANGE gözellik merkeziniň üstünligi zehinli menejment, ussatlaryň ýokary hünär taýýarlyklary we ýokary beletlikleri bilen kesgitlenýär. Bularyň ählisi, hakykatdan hem, gözellik merkezine Türkmenistanyň gözellik bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berýär. Şü günki gün DESSANGE brendiniň dünýäniň 46 ýurdunda hereket edýändigi, dellekhana sungatynyň premium toparynda öňdebaryjy bolup, özüniň franşizasyny hödürleýändigi bellärlikdir.

7

Şu ýyl Türkmenistandaky DESSANGE franşizasynyň eýesi Wiktoriýa Kulyýewa “Gözellik merkeziniň daşary ýurt ulgamlarynyň arasynda DESSANGE brendiniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürlemekde 2024-nji ýylňy iň gowy merkezi” diýlen baýraga mynasyp boldy.

Merkeziň işgärleriniň Orient habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, müşderi üçin täze keşbi döretmekden öň, hünärmenler mugt maslahat berip, onuň dowamynda müşderiniň islegleri anyklanylýar we gerekli keşp saýlanyp alynýar. DESSANGE gözellik merkezinde bir bada birnäçe hyzmatlary alyp bolýar, bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

8

Merkeziň ýene bir ýörelgesi – arassaçylyk we gigiýenadyr. Bu brendiň kodeksleriniň we filosfiýasynyň bir şertidir. Türkmenistandaky DESSANGE gözellik merkeziniň eýesi Wiktoriýanyň aýtmagyna görä:

“Işiň dowamynda bir gezeklik materiallar, elsüpürgiçler ulanylýar, şeýle hem her müşderi üçin şahsy halat berilýär. Hyzmat edişden soňra, gurallar, daraklar, braşingler ýörite enjamlarda arassalanyp, soňra aýratyn torbalara gaplanýar – bu olaryň arassa bolup, indiki ulanylmagyna taýýardygy barada aýdýar. Hyzmatlaryň dowamynda müşderilere mugt çaý, kofe we süýjülikler hödürlenýär”.

9

Merkeziň hünärmenleri yzygiderli taýýarlyklaryny ýokarldyrýandyklaryny goşmaça aýtmak zerur. Häzirki wagtda Türkmenistandaky DESSANGE gözellik merkeziniň hünärmenler topary döredilip, olar tanymal bilermenlerden tejribe almak üçin indiki ýyl Pariždaky DESSANGE akademiýasyna ugradylar. Şeýle-de ýylda iki gezek Akademiýanyň tälimçileri we bilermenleri Türkmenistana gelip, ussatlyk sapaklaryny geçirýärler.

10

Wiktoriýanyň aýtmagyna görä, işgärlere bilim bermek – toparyň professional ösüşine maýa goýum bolup, ol netijede hyzmat ediş hilini ýokarlandyrar we işewrüligi ösdürmäge ýardam berer.

11

Aşgabatda DESSANGE gözellik merkeziniň giňelýändigini habar berýäris. Ýakynda, 14-nji noýabrda “Arkaç” söwda merkezinde ýene bir täze gözellik merkezi açylar. DESSANGE merkezinde hyzmatlary almak üçin öňünden ýazylmak gerek. Özüňiz üçin amatly wagty +993 12 (958-202) telefon belgisi boýunça belläp bilersiňiz.

Salgysy: Oguz han köç., “Dowamat” jaýy. Instagram sahypasy: @dessange_turkmen

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: