Iň täze habarlar

Çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak üçin usuly gollanma çap edildi

01.11.2024 | 11:12 |
 Çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak üçin usuly gollanma çap edildi

Ýaňy-ýakynda «Mekdebe çenli 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak» atly usuly gollanma (awtorlary: L.Legedina, A.Çaryýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi we ýurdumyzyň ýörite bilim edaralaryna ýetirildi.

Çaganyň sözleýşiniň dogry, kämil bolmagy onuň mekdebe taýýarlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Elbetde, dogry sözleýiş çaganyň doly we kadaly ösmeginde juda möhüm hasap edilýär.

Usuly gollanma girişden, sözleýiş ýazmaçasyndan, ýagny çaga barada maglumat, anamnez, çaganyň irki sözleýşiniň ösüşi, lukman-mugallymçylyk işçi toparynyň çykaran netijesi, çaganyň umumy ösüşi, umumy we el hereketiniň barlanyşy, öz-özüne hyzmat etmek endiklerini barlamak, sesi emele getirýän beden agzalarynyň gurluşy, dem alşyň we sesiň ýagdaýy, ses aýdyşyny barlamak, eşidişi we sesleri aýyl-saýyl edip kabul edişi, sözüň bogun taýdan gurluşyny barlamak, sözleýşe düşünişi we aýdyşy, çaganyň pisihiki ugurlary, çaganyň häsiýeti, dil düzediş mugallymynyň gelen netijesi ýaly bölümlerden ybarat bolup, onda çaganyň sözleýşini anyklamagyň usulyýeti berilýär.

Usuly gollanmada ýerleşdirilen reňkli suratlar kitaba diňe bir bezeg bermän, eýsem her bölüm boýunça anyklaýyş işini geçirmek üçin hem ýakyndan hyzmat edýär.

Çaga bilen anyklaýyş işiniň geçirilmegi çaganyň sözleýşinde bar bolan kemçilikleri ýüze çykarmaga, düzediş işlerini dogry ýola goýmaga ýardam berer. Bu usuly gollanmadan ýörite bilim edaralarynda işleýän hünärmenler, terbiýeçiler, başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem ata-eneler peýdalanyp bilerler.

ORIENT news

Foto: https://education.gov.tm

Şeýle hem okaň: