Özbegistanda galdyrylan pyýada geçelgeleri döredilýär
30.10.2024 | 19:00 |Özbegistanyň Samarkand we Buhara welaýatlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak başlangyjynyň çäklerinde galdyrylan pyýada geçelgeleri ornaşdyrylyp başlady.
Bu çäreler ýurt üçin möhüm mesele bolan pyýadalaryň gatnaşmagynda ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň azalmagyna gönükdirildi: 2023-nji ýylyň başdaky 9 aýynyň dowamynda pyýadalar tarapyndan 308 müňden gowrak ýol hereket kadalarynyň bozulmalary hasaba alyndy.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň tejribesi galdyrylan geçelgeleriň ýol hereketlerine oňaýly täsir edýändigini görkezdi. Olar goşmaça böwet döredip, geçelgeleriň öňünde sürüjileri tizligini peseltmäge mejbur edip, munuň bilen baglylykda ýol hereket kadalarynyň bozulmalarynyň howpuny azaldýar.
Samarkandda şeýle geçelgeler köp pyýada hereketli ýerlerde, şeýle hem okuwçylary howpdan goramak üçin mekdepleriň ýanynda ornaşdyrylýar. Buhara welaýatnda ilkinji galdyrylan geçelge ýaňy-ýakynda Gižduwan etrabynyň 60-njy mekdebiniň öňünde ornaşdyryldy diýip, Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri belleýär.
ORIENT news