Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy gatnaşyklar ösdürilýär

30.10.2024 | 19:25 |
 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy gatnaşyklar ösdürilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Alternatiw energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalary we ölçeg serişdeleri barlaghanasynda Özbegistanyň Milli transport uniwersiteti bilen bilelikde “Senagat galyndylarynyň esasynda gidrofob häsiýetli-hemodurgun organomineral kompozit materialyň häsiýetlerini öwrenmek we düzümini işläp taýýarlamak” atly tema boýunça gaz-himiýa senagatynyň galyndylaryny, materiallary hem-de mineral çig mallaryň dürli görnüşlerini peýdalanmak bilen täze kompozision düzümli kükürtlibetony almak boýunça işler alnyp barylýar.

Kükürtlibetonyň başlangyç materiallarynyň elýeterliligi we arzanlygy, ýerlerde olary ýasamak tehnologiýasynyň ýönekeýligi bilen birlikde olaryň adaty betonlara garanyňda gurluş-mehaniki berkligi, adgeziýa ukyby, himiki gurşawlarda ýokary durnuklulugy, pes suw syzdyryjylygy we beýleki wajyp hasýetleri babatda mese-mälim artykmaçlygy bardyr. Häzirki wagtda alnan netijeler boýunça Özbegistanly hyzmatdaşlar bilen bilelike ylmy makalalar çap edilýär, öýlap tapyşlary patentleşdirmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa instituty bilen bilelikde “Siklopenta dienil demir dikarbonil dimeriň esasynda uglerod nanoturbalary sintezlemek we onuň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek” atly tema boýunça gaz fazadan himiki çökdürme (CVD) SSP-354 enjamynda uglerod nanoturbalary sintezlemek boýunça tejribeler geçirildi.

Düzüminde uglerodyň atomyny saklaýan siklopentadienil demir dikarbonildimer metalorganiki birleşme deslapky material hökmünde ulanyldy. Gaz fazadan himiki çökdürme reaktoryna transport ediji argon gazy ulanyldy. Gutarnykly alnan nusgalar özbek tarapa iberildi. Häzirki wagtda Özbegistan respublikasynyň ylmy barlag institutynda uglerod nanoturbalaryň skanirleýji elektron mikroskobyň kömegi bilen şekilleri alyndy.

ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: