Türkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýar
30.10.2024 | 11:33 |Aşgabat şu ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly Halkara maslahaty we sergini kabul etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek üç günlük çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi çykyş edýärler.
Umumy mejlisiň çäklerinde dünýäniň 30 ýurdyndan 330-dan gowrak gatnaşyjy gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň täze tendensiýalaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Gatnaşyjylar garalýan pudaklaryň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem sebit we yklym ykdysady goşulyşmagyna ýardam berjek ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bererler. Umumy mejlise türkmen hökümet agzalary, şeýle-de “Çalık Holding” müdüriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň prezidenti Erman Iliçak, “Mitsubishi” korporasiýasynyň Türkiýedäki, Merkezi Aziýadaky we Kawkazdaky wekili Ýasunori Sakamoto, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň başlygy Ýung Won Çžu, “Gertner Group” kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Metsinger, “Mitsubishi Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Tanaka Masakadzu, hem-de “John Deere” kompaniýasynyň sebit direktory Kollin Nelson gatnaşar. Ýokarda agzalan kompaniýalaryň wekilleriniň Türkmenistanyň önümçilik we senagat hyzmatlarynyň dürli ugurlary boýunça däp hyzmatdaşlary bolandygyny bellemeli.
Şeýle-de energetika, nebit-himiýa we dökünleriň önümçiligine üns bermek bilen uglewodorod serişdeleriniň girdejiligini we diwersifikasiýasyny çaltlandyrmak boýunça sessiýanyň dowamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, türkmen gaz-himiýa toplumlarynyň döwrebaplaşdyrmak işlerine we täze eleketrik stansiýalaryň gurluşygyna degişli maslahatlaşmalaryň geçirilmegine garaşylýar. Dökün önümçiligi ulgamynda yzarlanýan tendensiýalar hem aýratyn üns merkezinde bolar. Bellenilen hyzmatdaşlardan başga-da olara “Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarabeit” (GIZ) agentliginiň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Fris, “S&P Global” kompaniýasynyň dökün bazarynyň derňew bölüminiň ýolbaşyçysy Allan Pikett, “Kawasaki Heavy Industries Ltd” Türkmenistandaky wekiliýetiniň direktory Tomohiro Takaşina, “ASOS PROSES MAKİNA SANAYI VE TİCARET A.S” kompaniýasynyň baş direktory Önder Filiz hem-de “Aksa Energy Company” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça direktory Hakan Tunali hem gatnaşarlar.
Akylly “Arkadag” şäheriniň mümkinçiliklerini ýokary derejede durmuşa geçirmek meseleleiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy pudaklaýyn maslahatynyň esasy ugurlarynyň arasynda bolar. Bu babatda täze taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri, gurluşykda öňdebaryjy standartlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde binalaryň gurluşygynda seýsmiki çydamlylyga bildirilýän talaplar öwreniler. Degişli mowzuklar boýunça maslahatlaşmalara şäher dolandyryşyň ýolbaşçylary, şeýle hem “Bouygues-Turkmen”, “Rönesans Endüstri Tesisleri İnşaat Sanayi ve Ticaret anonim şirketi”, “Interbudmontaž” we beýleki kompaniýalaryň wekiliýetiniň ýolbaşçylary goşulşar.
Türkmenistanyň barha ösýän gurluşyk toplumy üçin ýokary hilli gurluşyk materiallaryň önümçiligi boýunça kuwwatlylygyň saklanylmagy we artdyrylmagy möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu babatda dürli infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek mowzugynyň derwaýyslygy ýüze çykýar. Bu ýerde sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary we onuň ykdysadyýeti we söwdany ösdürmekdäki ýardamy barada maslahatlaşylar. Degişli çemeleşmeleri işläp düzmekde halk-hojalyk toplumyna işgärleri taýýarlamak we innowasion ylmy binýadyny döretmek zerur. Munuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda ýokary derejeli hünrmänleri taýýarlamak meseleleri, şeýle hem ylmy-barlag işläp taýýarlamalaryň mümkinçilikleri we garalýan pudaklaryň yzygiderli ösdürilmegi üçin möhüm bolan olaryň girdejiligi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýlelikde, CIET 2024 maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde netijeli gepleşiker we maslahatlaşmalar meýilleşdirilip, olaryň esasy maksady bolsa türkmen ykdysadyýetiniň köptaraply kuwwatlylygyny açmakda möhüm ösüşi gazanmak, senagat mümkinçiliklerini kämilleşdirmekde täze çemeleşmeleri işläp düzmek, şeýle hem ýurtda amala aşyrylýan özgerişlikleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen innowasion işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagydyr.
Doly maglumatlar bilen CIET 2024 resmi saýtynda tanyşyp bolýar.
ORIENT news