Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa pudagynyň, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

30.10.2024 | 10:21 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa pudagynyň, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

29-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa pudagynyň, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy.

BAE-niň telekeçileri nah ýüplükleri satyn almak barada türkmen işewürleri bilen geleşik baglaşdylar. Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden olar float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 8 894 000 manada we 193 480 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: