Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy özbek kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
27.10.2024 | 23:50 |27-nji oktýabrda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda saýlawlara taýýarlyk we saýlaw işiniň özi, tapgyrlary, saýlaw kanunçylygyndaky üýtgeşmeler we täzelikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, täze saýlaw ulgamynda gender deňligine, ýagny deputatlyga dalaşgär zenanlaryň paýynyň 30% -den 40% -e çenli ýokarlandyrylmagy möhümdir.
Türkmenistan goňşy ýurtlaryň tejribesine üns berip, saýlawlary guramak tejribesini işjeň öwrenýär. Öňdebaryjy usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, esasanam sanlylaşdyrma işinde ýurdyň döwür bilen aýakdaş gitmegi saýlaw işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, beýleki ýurtlaryň we halkara guramalarynyň saýlaw toparlarynyň synçylarynyň gatnaşmagynyň saýlawlaryň aç-açanlygyny we aýdyňlygyny üpjün etmekde möhüm orna eýe bolandygy bellenildi. Halkara synçylar dünýädäki saýlaw işiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär we umumy ykrar edilen adam hukuklaryny goldamak we hormatlamakdaky esasy meseleleriň biri hökmünde görülýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylary saýlaw ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini we iki ýurduň hem demokratik özgeriş we ösüş ugrundaky alyp barýan işlerini nygtadylar.
Zaýniddin Nizamhojaýewe Özbegistanda hem giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubleýina bagyşlanyp çap edilen neşiri gowşurdy.
Duşuşyga özbek tarapyndan toparyň agzalary Aleksandr Hojaýew we Gülnoza Rahimowa, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti Hekimberdi Öwezow gatnaşdy.
Bekdurdy AMANSARYÝEW