Türkiýedäki Türkmenistanyñ ilçihanasy pasporty uzaltmak boýunça galp maglumatlar barada habar berýär
27.10.2024 | 20:55 |Türkiýedäki Türkmenistanyñ ilçihanasy sosial ulgamlarda biometrik pasportlarynyñ möhletiniñ 2025-nji ýyla çenli uzaldylandygy baradaky galp maglumatlaryñ ýaýradylýandygyna Türkmenistanyñ raýatlarynyñ ünsüni çekdi.
Ilçihana COVID-19 pandemiýasy zerarly pasportlaryñ möhletiniñ 2024-nji ýylyñ 31-nji dekabrynda gutarýandygyny ýatladýar. Daşary ýurtda wagtlaýyn ýa-da hemişe ýaşaýan raýatlar bellenen senä çenli pasportlaryny täzelemeli.
Biometrik pasportynyñ ýitirilen ýa-da oña zyýan ýetirilen ýagdaýynda, şeýle-de ýurt daşynda dogulan çagalar üçin diñe ýurda gaýdyp barmak üçin "Türkmenistana gaýdyp barmak baradaky şahadatnama" berilýär.
Ilçihana galp maglumatlara ynanman, resmi bildirişleri yzarlamagy tutanýerli maslahat berýär.