Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn eder

26.10.2024 | 21:05 |
 Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn eder

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistana sapar bilen gurady. Bu saparyň esasy maksady, Özbegistanyň Merkezi saýlaw toprynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýewiň çakylygy boýunça, ertir, 27-nji oktýabrda Özbegistanyň Oliý Majlisine geçiriljek saýlawlara syn etmekden ybaratdyr.

Goňşy ýurtdaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakany beýan etmek üçin ABŞ, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Germaniýa, Günorta Koreýa, Italiýa, Azerbaýjan, Russiýa, Türkiýe, Hytaý we ş.m. ýaly 37 ýurtdan 82 sany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 97 wekiliniň arasynda akkreditasiýa alan Türkmenistanyň media pudagyndan ORIENT çagyryldy.

Jemi 851 halkara we daşary ýurtly synçylaryň, şolardan 245-si 43 ýurtdan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwleriň Guramasy ýaly 13 halkara guramasyndan 560 wekil, 24 sany ýurduň saýlaw toparlaryndan 46 wekiliň saýlawlara gatnaşmagyna garaşylýar. Olar saýlaw güni Daşkendäki we ýurduň beýleki sebitlerindäki saýlaw uçastoklarynda gözegçilik ederler.

aaa28fc5-ce60-41b4-a99f-8ad49c405a6b.JPEG

Şu gün, anna güni Özbegistanyň paýtagty Simpoziumlar köşgünde metbugat maslahaty geçirildi, şol ýerde Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew žurnalistlere we synçylara Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasyna we ýerli Kengaşlara deputatlaryň ýokary derejeli saýlawlaryny guramak we geçirmek üçin esasy çäreler barada gürrüň berdi.

Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasyna saýlawlaryň garyşyk saýlaw ulgamy, ýagny mažoritar-proporsional ulgamy esasynda geçirilýändigi bellenildi.

26102024-cik-turkmenistana-i-orient-v-uzbekistane.JPG

Garyşyk saýlaw ulgamy, wekilleriň käbiri mazoritar ýeke-täk mandatly saýlaw okruglarynda, beýleki bölegi bolsa proporsional wekilçilik ýörelgesine laýyklykda partiýa esasynda saýlanylýan wekilçilikli häkimiýetleri döretmek ulgamydyr.

Şeýlelik bilen, 150 deputayň 75-si bir madatly saýlaw okruglaryndan parlamentiň aşaky palatasyna saýlanar, galan 75-si berlen partiýalaryň sanyna görä syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärler sanawy esasynda bitewi saýlaw okrugy boýunça syýasy partiýalara berlen proporsional sesleriň sanyna görä saýlanar.

5K4A6653    .jpg

Özbegistanda geçiriljek häzirki saýlawlaryň esasy täzelikleriniň arasynda, pudagara sanly hökümet ulgamy bilen birleşdirilen milli saýlaw ulgamyna “E-Saylov” maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy saýlaw işinde býurokratiýany, wagt ýitirmegi we resminamalary azaltmaga mümkinçilik berdi.

Saýlawçylaryň bu işe gatnaşmagyny aňsatlaşdyryp biljek innowasiýalar ara alnyp maslahatlaşylanda brifinge gatnaşanlaryň ýüzi nähili ýagtylandy mese mälim göründi. Mundan başga-da, goşmaça amatlylyk döretmek üçin ýurduň taryhynda ilkinji gezek saýlaw güni elektron ses berişligi guramak we geçirmek Daşkentiň käbir saýlaw uçastoklarynda synag esasynda girizilýär.

a8577b52-1005-4ab4-8596-1c18310071b7.JPEG

Dalaşgärleriň düzümi barada gyzykly maglumatlar hem berildi. Şeýlelik bilen, Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasynyň deputatlaryna 375 dalaşgär saýlaw kampaniýasyna gatnaşmaga rugsat berlen bäş syýasy partiýadan bir mandatly saýlaw etraplarynda hasaba alyndy. Jemi 875 dalaşgär hödürlendi, olaryň 44,7%-i zenanlar. Bu Özbegistanda geçiriljek saýlawlaryň taryhynda iň ýokary görkeziji, şeýle hem bu ýurduň Saýlaw kodeksine üýtgeşmeleriň girizilmegi bilen baglanyşykly – indi zenanlar öňküsi ýaly 30% däl-de, azyndan 40%-i düzmeli.

Dalaşgärler öňki saýlawlara garanyňda birneme ýaşlary hem uly. Kanun çykaryjy palatanyň deputatlaryna dalaşgärleriň ortaça ýaşy 47,2 ýaş. Olardan 44,2% 45 ýaşa çenli, 44,3% 45-60 ýaşa çenli. Iň ýaş dalaşgär – 25 ýaşynda. Olaryň 99,3% ýokary bilimli.

af437c6c-bf18-454d-b0b1-bef8320223e8.JPEG

Dalaşgärleriň düzümi has dürli-dürli boldy: ykdysatçylar, hukukçylar, mugallymlar, inženerler, lukmanlar, telekeçiler, daýhanlar – bularyň hemmesi jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýär we bu şübhesiz, saýlaw işini baýlaşdyrýar.

Deputatlyga dalaşgärleriň arasynda ýurtda ýaşaýan milletleriň we halklaryň köpüsiniň wekilleri bar. Kanun çykaryjy palata we ýerli Kengaşra dalaşgärlerden 973 täjik, 588 gazak, 146 türkmen, 141 gyrgyz, 67 rus we beýleki milletleriň wekilleri.

Indi saýlawlara gatnaşýan syýasy partiýalar hakda. Olardan bäşisi: Telekeçileridň we işewür adamlaryň hereketi – Özbegistanyň Liberal Demokratik partiýasy, Özbegistanyň “Milliý Tiklaniş” Demokratik partiýasy, Özbegistanyň Ekologiki partiýasy, Özbegistanyň Halk Demokratik partiýasy, Özbegistanyň “Adolat” Sosial Demokratik partiýasy.

26102024-cik-turkmenistana-i-orient-v-uzbekistane (3).JPG

“Ilkinjileriň” sanawyndan ýene bir möhüm pursat: saýlawdan öňki kampaniýa düzgüni, emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, kampaniýa materiallaryny taýýarlamak we paýlamak meselelerini ilkinji gezek düzgünleşdirýär. Hususan-da, syýasy partiýalar we deputatlyga dalaşgärler EA ulanyp taýýarlanan kampaniýa saýlawdan öňki wagyz işlerindäki maglumatlary emeli aň tehnologiýalary arkaly taýýarlanandygy görkezýärler.

Ýurduň saýlawlarynyň taryhynda ilkinji gezek partiýanyň ýolbaşçylary Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde syýasy partiýalar tarapyndan işlenip düzülen Saýlaw kampaniýasynyň düzgünlerine gol çekdiler. Guramaçylaryň pikiriçe, bu saýlaw kampaniýasy wagtynda galp maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni alar, esasy saýlaw ýörelgeleriniň berjaý edilmegini üpjün eder we saýlawçylara erkin saýlamaga mümkinçilik berer.

5K4A6828.JPG

Aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerine laýyklykda Merkezi saýlaw toparynyň garamagynda metbugat merkezi we onuň sebit bölümleri döredildi. Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlara taýýarlyk bilen baglanyşykly ähli mejlisler sosial ulgamlaryň üsti bilen alamat diline terjime edilip göni ýaýlynmda görkezildi.

Ýöne aýratyn täsir galdyrýan zat – müminçilikleri çäkli raýatlaryň aýratyn zerurlyklaryna üns bermekdir. Meýletinçiler kömek etmäge taýýardyr we saýlaw uçastoklarynda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Bu, häkimiýetleriň ses bermek işini hemmeler üçin elýeterli etmek üçin çalyşýandygyny görkezýär.

26102024-cik-turkmenistana-i-orient-v-uzbekistane (5).JPG

Bu pursady özbek guramaçylarynyň sözleri bilen has jikme-jik beýan ederin – hatda öýme-öý baryp görmek arkaly saýlawçylaryň sanawyny anyklamak işinde-de saýlawlara gatnaşmak üçin goldaw gerek mümkinçili çäkli adamlar hasaba alyndy. Olara meýletinçiler bellendi, Braýl harplyk esasly ýazgylar ýa-da optiki ulaldyjylar käbir saýlaw uçastoklarynyň binalary mümkinçiligi çäkli adamlar üçin oturgyçlar ýa-da ýörite “kömek üçin çagyryş” düwmesi bilen enjamlaşdyryldy.

Merkezi saýlaw toparynda geçirilen brifingde yglan edilen köp sanly görkezijilerden 20 milliona golaý adamyň ýeke-täk elektron sanawda bolandygyny we ýarym milliondan gowrak ýaş adamlaryň ilkinji gezek ses bermek mümkinçiliginiň bardygyny hem belläp geçerin. Bu nesil öz ýurdunyň geljegini kesgitlär.

247f4161-ee0b-4d83-b979-d3714b837abc.JPEG

Özbegistanda ýaşaýan raýatlar üçin we daşary ýurtlardaky raýatlar üçin amaly maglumat bermek üçin Merkezi saýlaw toparynyň metbugat merkezinde jaň merkezleri döredildi. Mundan başga-da, maglumaty özbek, garagalpak, rus we iňlis dillerinde alyp bolýar. Merkezi saýlaw toparynyň tassyklaýşy ýaly, raýatlardan, saýlaw guramaçylaryndan ýa-da žurnalistlerden gelen ýekeje ýüz tutmada ünsden galdyrylmaýar. Merkezi saýlaw toparynyň ýokary derejeli işgärlerinden, öňdebaryjy saýlaw hünärmenlerinden we hukuk hünärmenlerinden ybarat nobatçy işgärler topary öz wagtynda, takyk jogap berýär we arz şikaýatlaryň üstünde işleýärler (saýlaw öňki wagyz işleriniň geçirilişinden nägilelik bildirilendigi hasaba alyndy).

Şeýlelik bilen, 27-nji oktýabr, ýekşenbe güni ýerli wagt bilen irden sagat 8-den agşam sagat 8-e çenli geçiriljek saýlawlarda ses bermäge hemme zat taýyn.

035451a9-6e44-4e1a-b71a-e225ef750f67.JPEG

Saýlawlaryň üç görnüşi ýurtda bir wagtda geçiriler: Oli Majlisiniň Kanunçylyk palatasyna; Garagalpagystan Respublikasynyň Žokargy Kenesinde, sebit we Daşkent şäheriniň Kengaşlara halk deputatlygyna; etrap we şäher Kengaşlara halk deputatlygyna.

Kanun çykaryjy palatanyň 150 deputaty, Senatyň 56 agzasy, Garagalpagystan Respublikasynyň Žokargy Kenesiň 65 deputaty, şeýle hem sebit, Daşkendiň we 208 etrap (şäher) Kengaşlara wekilleri saýlanar.

DSC06094.JPG

Bu örän möhüm syýasy iş, şonuň üçin daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň saýlaw topralarynyň şu ýyl Özbegistanda täzelenen saýlaw kanunçylygy esasda geçirilýän döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň saýlawlaryna bolan gyzyklanmasy ep-esli ýokary.

DSC06123.JPG

Bu Merkezi saýlaw toparynyň brifinginde diňleýjileriň işjeňliginde-de göze ildi – esasy hasabatdan soň birnäçe soraglar we anyklamalar boldy. Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy düzümi hemmeler üçin açykdygyny we gepleşiklere taýýardygyny yglan edip, jogaplar we düşündirişler berdi. Bu hakykatdanam şeýle ýaly duýuldy. Žurnalistleriň soraglaryna jogaplar hemmetaraplaýyn bolup, zaldaky atmosfera dostlukly we döredijilikli bolup, hemmelere möhüm bir zada şaýat bolýandyklaryny duýýardy.

5K4A6657.JPG

Бекдурды АМАНСАРЫЕВ

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: