Türkmenistanyň Prezidenti “BRICS” sammitinde çykyş etdi: esasy ugurlar
24.10.2024 | 21:45 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “BRICS goşmak”/“autriç” sammitinde çykyş edip, ýurtlaryň bu wekilçilikli çärä gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady. Ynha, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki işjeň eýeleýän orny we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga bolan islegini nygtaýan çykyşyň gysgaça mazmuny (doly okamak üçin).
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygy goramak üçin esas: Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belleni.
Halkara howpsuzlygyny berkidmek üçin başlangyçlar: Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzümegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlary ýaly birnäçe teklipleri hödürledi.
Durnukly ösüş geoykdysady başlangyçlaryna çekilen üns: Şeýle hem Prezident, Türkmenistanyň häzirki zaman geoykdysady ugurlaryna, şol sanda ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti we durnukly ulag birikmesiniň maksatnamasyny işläp düzmek meselesine ünsi çekdi.
Howanyň gün tertibi ileri tutulýan ugur hökmünde: Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselesine howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde ählumumy çemeleşmäniň binýatlaýyn bölekleriniň biri hökmünde garamagy goldaýar.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygy: Serdar Berdimuhamedow, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri ýaly ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Bu ugurda Türkmenistan oňyn tejribe toplady we beýleki ýurtlar bilen paýlaşmaga taýýar.
Medeni ugurdaky özara gatnaşyklar: Prezident halklaryň arasyndaky gatnaşyklary sagdyn, döredijilik esasynda berkitmek üçin medeni alyş-çalyşygy we bilim we ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
ORIENT news