Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş duşuşyk geçirdiler

24.10.2024 | 23:23 |
 Serdar Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş duşuşyk geçirdiler

Şu gün BRICS sammitiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Millet Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi şu gün bellenilýän BMG-niň Güni bilen gutlap, bu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary şu ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasy ugrunyň başlangyjynyň düýbüni tutan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň BMG-niň ýolbaşçylygyndaky parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary saklaýar. Hususan-da, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça BMG-niň esasy konwensiýalaryna goşulyşandygyny ýatladyp, Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde – Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Anyk umumy maksatlara ýetmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi netijeli iş alyp barýar.

Ilatyň saglygy goraýşy özara gatnaşygyň möhüm ulgamy bolup çykyş edýär. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar, ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty ösdürmek, lukmançylyk hyzmatlaryny we durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bolsa BMG-niň ýokary bahasyna mynsayp boldy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meselelerini çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenisatnyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: