Iň täze habarlar

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara maslahata gatnaşan kompaniýalara diplomlar gowşuryldy

11.10.2024 | 13:10 |
 Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara maslahata gatnaşan kompaniýalara diplomlar gowşuryldy

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryna onuň öz işine başlandygy mynasybetli ýüzlenmesini okady.

Halkara ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, Germaniýanyň Federatiw Respublikasyndan gelen kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Ýohann Engelbert Maýsner, “Prof. Dr.Dhom & Kollegen” hususy klinikanyň stomatolog lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Günter Ýakob Dom, Mýunhendäki Lýudwig Maksimilian Uniwersitetiniň klinikasynyň ortoped-hirurgy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Folkmar Ýansson gatnaşyjylary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman serişdeleri senagatynyň işgärleriniň güni bilen mähirli gutladylar.

Olar fiziki bejeriş we dikeldiş barada nutuklary bilen çykyş edip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Türkiýe Respublikasyndan gelen professor, Koç Uniwersitetiniň hassahanasynyň çaga kardiologiýasy bölüminiň müdiri Ender Ödemiş “Dogabitdi ýürek kemçiligini bejermekde endowaskulýar usullary” nutugy bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Natalýa Salnikowa “Hazarýaka pesliklerde ösýän Scutellaria Hastifolia ösümliginiň fitohimiýa barlagy” nutugy bilen çykyş etdi. Naberežnyýe Çelnyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Alfinur Galiakberowa “Mugallymlary taýýarlamakda innowasion tehnologiýalar: Naberežnyýe Çelnyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň tejribesi” atly nutugy bilen çykyş etdi, Kent ştatynyň uniwersitetiniň (ABŞ) wise-prezidenti professor Marçello Fantona bolsa XXI asyrda bilimiň esasy hökmünde medeni gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Şeýle-de “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” halkara sergisine gatnaşýan öňdebaryjy kompaniýalara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň ahyrynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenme kabul edildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: