Iň täze habarlar

“Demirýollary” AGPJ tarapyndan “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna çenli zyýaratçylar üçin ýörite otluny ýola goýulýar

09.10.2024 | 11:32 |
 “Demirýollary” AGPJ tarapyndan “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna çenli zyýaratçylar üçin ýörite otluny ýola goýulýar

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Daşoguz welaýatyndaky “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek üçin ýörite otluny ýola goýýar.

Otly 11-nji oktýabrdan başlap Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat ugry boýunça hereket eder.

Otly Aşgabadyň stansiýasyndan sagat 18:20-de ugrap, Içoguzda (23:30, 23:50), Daşoguzda (06:05, 06:40) durup, sagat 09:15-de Köneürgenje baryp ýeter.

Yzyna bolsa Köneürgençden paýtagta otly sagat 18:15-de ugrap, Daşoguzda (20:50, 21:26) we Içoguzda (03:31, 03:51) durar. Zyýaratçylyk otlysy paýtagta sagat 08:55-de gelip ýeter.

Otlunyň wagonunda restoran göz öňünde tutulyp, ol ýerde ýolagçylar dürli tagamlary dadyp bilerler.

ORIENT news

Foto: ru.wikipedia.org

Şeýle hem okaň: