Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň litiý akkumulýatorlaryny öndürýän kärhanalary Merkezi Aziýa bazarlaryna ymtylýar
04.09.2024 | 11:51 |Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki litiý akkumulýatorlaryny öndürýänkärhanalary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýärler. Bu barada Kaşgar ykdysady ösüş zolagynyň wekili Bo Inszýan aýtdy diýip, Sinhua habarlar gullugy habar berýär.
Jemi 8,519 milliard ýuan möçberinde maýa goýlan täze 28 kärhananyň eýeleriniň pikiriçe, litiý akkumulýatorlaryna bolan isleg Merkezi Aziýanyň bazarlarynda artýar.
Litiý akkumulýatorlary ýel we fotoelektrik energiýasyndan elektrik öndürmek we saklamak üçin zerurdyr.
Sinszýan şol sebitiň sekiz ýurdy, şol sanda Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetleşýär.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bu zolakda ýerleşen “Şenýue Hençan” kärhanasynyň iki sany awtomatiki önümçilik ulgamy bar. Her gün kuwwatlylygy 200 müň As (amper sagat) bolan litiý akkumulýatorlaryny öndürmäge ukyply.
Kärhana eýýäm öndürilen litiý akkumulýatorlaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlarynda satmak üçin Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde wekilhanasyny açdy.
2025-nji ýyla çenli Kaşgar ykdysady ösüş zolagynda 60-dan gowrak litiý akkumulýatoryny öndürýän kärhana bolar we gymmaty boýunça ýyllyk önümçiligiň möçberi 40 milliard ýuandan geçer.
ORIENT news