Iň täze habarlar

“Dragon Oil” Türkmenistanda täze sebit edarasyny açýar

30.08.2024 | 19:00 |
 “Dragon Oil” Türkmenistanda täze sebit edarasyny açýar

Dolulygyna Dubaý hökümetine degişli bolan “Dragon Oil” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň Başlygy Said Mohammed Al Taýýer Aşgabatda, Türkmenistanda BAE-niň daşynda bolan kompaniýanyň iň iri sebit edarasyny açdy.

Açylyş dabarasyna kompaniýanyň Baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan hem-de kompaniýanyň dolandyryş agzalarynyň ýokary derejeli resmi wekiliýeti gatnaşdy. Bu bolsa geljegi uly bolan türkmen nebit-gaz pudagyna kompaniýa tarapyndan maýa goýumlarynyň giňeldilýändigini tassyklady.

“Türkmenistanda kompaniýanyň sebit edarasynyň açylmagy bu ýerde 25 ýyldan gowrak iş alyp barýandygymyzyň aýgytlaýjy pursady boldy. Munuň bilen biz Türkmenistan bilen düýpli we netijeli hyzmatdaşlygymyzyň täze sahypasyny açýarys” – diýip, Al Taýýer belledi. – Bu bizi türkmen hökümeti bilen birleşdirýän strategiki hyzmatdaşlygyň hem subutnamasydyr. Sebäbi Türkmenistan ägirt uly nebit we gaz gorlaryna baý bolan esasy ýurtlaryň biridir”.

“Dragon Oil” öz hereket edýän ýurtlarynda gazyp alynyşyň möçberini häzirki görkezijiler görä günde 180 000 barrelden 250 000 barrele çenli artdyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli biziň dürli desgalarymyzda gazyp alynyşyň kanunalaýyk ösüşi bolar. Munuň bilen bilelikde bu ösüşde Türkmenistana aýratyn ähmiýetli orun berilýär” – diýýp, WAM Al Taýýeriň sözlerini getirýär.

Türkmenistanda täze sebit edarasynyň açylmagy kompaniýa üçin 2029-njy ýylda mawy wodorod bazaryna çykmak, türkmen bazarynda häzirki wagtda 60 000 barrele ýetýän nebitiň gazyp alynyşy boýunça kuwwatlylygyny ösdürmek bilen maýa goýumlary hem-de energiýanyň täzeden dikledilýän serişdeleri pudagy boýunça maýa goýum taslamalary artdyrmak ýaly strategiki maksatlaryna ýetmekde möhüm ädim bolar.

Täze edara türkmen paýtagtynyň merkezinde ýerleşip, tutýan meýdany 1600 m2. Bu bolsa Türkmenistanda “Dragon Oil” kompaniýasynyň iň iri edarasy bolandygyna şaýatlyk edýär. Onda 15 bölüme bölünen 60 sany işgär zähmet çekýär.

ORIENT news

Foto: wam.ae

Şeýle hem okaň: