Iň täze habarlar

Türkmenistan Owganystanyň umumy ykdysady ösüşe goşulyşmagyny goldaýar

30.08.2024 | 20:50 |
 Türkmenistan Owganystanyň umumy ykdysady ösüşe goşulyşmagyny goldaýar

30-njy awgust, anna güni Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Owgan tarapyna Dag-magdan senagaty we nebit işleriniň ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýeti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we dürli ministrlikleriň ýolbaşçylaryndan ybarat boldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystanyň ykdysady umumy birleşmesine goşulyşmagynda Türkmenistanyň işjeň orny barada tassyklanyldy.

30082024-turkmenistan-za-vovlechenie-afganistana-v-ekonomicheskie-processy (1).jpg

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar duşuşyklaryň netijeleri boýunça energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Hususan-da, TDH-niň berýän maglumatlaryna görä, aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji ugurlarynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri boýunça Ministrliginiň arasynda Turgundi demirýol stansiýasynda desgalary gurmakda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama we Turgundi-Hyrat demirýolunyň Turgundi-Sanabar 22 kilometrlik bölegi boýunça Iş meýilnamasy.

30082024-turkmenistan-za-vovlechenie-afganistana-v-ekonomicheskie-processy (3).jpg

Şeýle-de Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça kabul edýän ýurduň Hökümeti bilen “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: