Iň täze habarlar

Russiýa GDA ýurtlaryndan kabul edýän talyplarynyň sanyny artdyrmagy dowam etmegi maksat edinýär

22.06.2024 | 08:25 |
 Russiýa GDA ýurtlaryndan kabul edýän talyplarynyň sanyny artdyrmagy dowam etmegi maksat edinýär

Russiýa Federasiýasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan talyplar üçin kwotalary artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin Moskwada geçirilen GDA-nyň ikinji halkara parlament forumynyň mejlisinde aýtdy.

Ol GDA boýunça hyzmatdaşlaryň Russiýada bilim alýan talyplaryň sanynyň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Soňky iki ýylda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan gelýän talyplar üçin kwotalar artdyryldy.

“Elbetde, bu işler Russiýanyň ýokary döwlet ýolbaşçylarynyň kabul eden çözgütlerine laýyklykda dowam etdiriler” - diýip, Galuzin belledi.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: