Iň täze habarlar

«Ростелеком» noutbuklar bazaryna çykmagy maksat edinýär

29.03.2024 | 09:25 |
 «Ростелеком» noutbuklar bazaryna çykmagy maksat edinýär

Russiýanyň “Rostelekom” telearagatnaşyk operatorynyň düzümine girýän «Ростелеком Информационные Технологии» kompaniýasy kompýuter önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.

Hususan-da, kompaniýa noutbuklary, planşetleri, printerleri we beýleki kompýuter enjamlary öndürer.

Harytlaryň we hyzmatlaryň halkara klassifikasiýasynyň 9-njy synp önümleri üçin iki haryt nyşanyny – syýa tegmiline meňzeş nyşany we “Aýron” ýazgysyny resmileşdirdi.

Häzirlikçe önümleriň tehniki häsiýetnamasy, satuwa çykaryljak senesi belli däl. Kompaniýada köp sanly ylmy-barlag işleriniň, synag taslamalarynyň alnyp barylýandygyny habar berdiler.

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 19-njy mart aralygynda Russiýada umumy bahasy 45 mlrd rubl bolan 682 müň noutbuk satyn alyndy. Geçen ýylyň degişli döwrinde bu görkeziji 631 müň noutbuga we 35,2 mlrd rubla deň boldy.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: