Iň täze habarlar

BAE-de kibersport adasy peýda bolar

25.03.2024 | 09:51 |
 BAE-de kibersport adasy peýda bolar

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide kibersport adasy peýda bolar.

Degişli taslama kibersport klublarynyň Bütindünýä tory TrueGamers tarapyndan tanyşdyryldy. Taslamanyň bahasy 280 million dollar bolup, onuň 10 ýylda özüni ödemegine garaşylýar.

Ada 4 zolakdan ybarat bolar:

DigitalTower—döwrebap iş ýerleri, öňdebaryjy tehnologiýaly we animasiýa studiýalary bolan işewürlik merkezi

TG Arena – halkara kibersport ýaryşlaryny, sanly sergileri we maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen esasy desga. Şeýle hem ony dürli görnüşdäki ýaryşlary geçirmek üçin uýgunlaşdyrmak bolýar.

GG Bootcamps - professinal oýunçylar ýaryşlara taýýarlanmak üçin lagerler

GG Resort – ýokary öndürijilikli kompýuterler bilen üpjün edilen, 200 sany kaşaň otagly myhmanhana.

Professional kibersport toparlaryna öňdebaryjy analitik gurallar, ýokary tehnologik kompýuterler, dynç almak üçin ýörite ýerleri bolan okuw maksatnamalaryna elýeterlilik üpjün ediler.

"Biz kibersport adasynyň güýmenje ulgamynda düýpgöter täze sepgit bolup, onda dynç alşyň we ýaryş oýunlarynyň sazlaşykly utgaşdyryljakdygyna ynanýarys" - diýip, TrueGamers-iň esaslandyryjylarynyň biri Wlad Belýanin aýtdy we häzirki wagtda bu taslamany amala aşyrmak üçin maýadarlar bilen gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.

Taslama işlenip taýýarlanylanda TrueGamers dünýäniň dürli künjeklerindäki kibersport toparlary bilen hyzmatdaşlyk etdi.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: