Samsung emeli intellekt üçin ýarymgeçirijileri işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany esaslandyrdy
21.03.2024 | 15:24 |Samsung Electronics Co. kompaniýasy ýarymgeçirijileriň düýgöter täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany döredendigini habar berdi. Ýarymgeçirijileriň bu görnüşi ähli emeli intellekt üçin zerurdyr.
Ilkinji tapgyrda barlaghana uly dil modelleri üçin çipleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanar.
Kompaniýanyň degişi bölüminiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Samsung elýeterli bahaly energiýany tygşytly sarp edýän, ýöne has ýokary öndürijilikli mikroshemalary öndürmegi maksat edinýär.
Emeli intellekt üçin çipleri işläp taýýarlamakda Samsung logiki netijä gelip bilýän tizleşdirijilere aýratyn üns berer.
ORIENT news