Iň täze habarlar

ŞHG-de Ekologiýa ýyly başlandy

18.01.2024 | 11:01 |
 ŞHG-de Ekologiýa ýyly başlandy

Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ekologiýa ýylyna badalga berildi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarowyň sözlerine salgylanyp, “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.

Onuň sözlerine görä, guramanyň Sekretariatynyň bilim edaralarynda dürli tematiki çäreleri guramagy bilen badalga alar.

Taslamanyň çäginde daşky gurşaw guramalary bilen bilelikde Bütindünýä daşky gurşaw gününe, Bütindünýä suw gününe, Halkara biologiki dürlüligiň gününe we Bütindünýä tokaý gününe bagyşlanan 20 töweregi çäräni geçirmek meýilleşdirilýär.

“Gazagystanyň başlyklygynda öňe sürlen çärelere BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde guramanyň goşan uly goşandy hökmünde garaýarys” diýip, Smadiýarow belledi. Ol şeýle hem Gazagystanyň ŞHG-niň daşky gurşawyň goramak boýunça kabul eden wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek işlerini geljekde hem ilerletjekdigini belledi.

ŞHG-de 2024-nji ýyly Ekologiýa ýyly diýip yglan etmek baradaky Gazagystanyň başlangyjy gurama agza ähli döwletler tarapyndan goldanyldy.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: