Çägemik – ösümlik dünýäsiniň türkmen täsinligi
16.01.2024 | 11:02 |«Türkmen klýukwasy» ýa-da çägemik Türkmenistanyň «Gyzyl kitabyna» girizilen Gaplaňgyrda ösýän dermanlyk ösümlikdir. Onuň ösýän ýerleriniň bir bölegi ýurduň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümine girýän Sünt-Hasardag, Köpetdag, Gaplaňgyr we Bathyz döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar.
Bu barada «Türkmenmetbugat» ulgamynda ýerleşdirilen gazet makalasynda bellenilýär.
Bu ösümlik gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan, has çygly howasy bolan öňki geologiki döwürleriň ösümlik örtüginiň galyndylarynyň biri hökmünde ýerli ösümlik dünýäsiniň düzüminde saklanyp galan az sanly ösümlikleriň biridir.
«Häzirki wagta çenli taryhy-geologiki hadysalaryň netijesinde, bir wagtlar gür ýerleşen görnüşiň bütewiligi bozuldy, häzirki wagtda onuň tebigatdaky sany dürli ýerlere dargan ýagdaýdadyr we az möçberdedir. Bölekleýin ýaýramagy onuň relikt görnüşidigini, ýagny gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäginde ösýändigini görkezýär. Alymlar ony ýüzärlikler maşgalasynyň iň gadymy wekili, sany azalyp barýan endemik diýip ykrar edýärler» diýlip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Ogulgül Meredowanyň makalasynda bellenilýär.
Bu çydamly görnüş halk arasynda «çägemik» diýlip atlandyrylýar. Daşky görnüşi boýunça agaç sütünli ýarymgyrymsy ösümlik liana agajyny ýatladýar. Ösümlik çyglylygy gowy görýän hem bolsa, dag jülgelerine ýa-da derýanyň batgalyk gollaryna garanyňdan, çöl düzlükleriniň we çöllüge golaý sähralaryň toýunsow, çägeli, daş çökündili, duzly topraklarynda ösmegi halaýar, şeýle hem deňiz derejesinden 800–1200 metr beýiklikden ýokarda ösmeýär.
Onuň egri şekilli birýyllyk baldaklary bolup, olaryň uzynlygy 80 sm-den 1,5 metre çenli ýetýär. Çägemigiň baldaklary ýalpyldawuk ak gabyk bilen örtülendir, bu gabyk soňlugy bilen çal reňke öwrülýär. Ösümlik örän owadandyr, ol ter, açyk ýaşyl reňkli ýapraklary bilen töwregindäki ösümlikleriň arasynda aýratyn tapawutlanýar. Maý aýyndan iýul aýyna çenli ol tutuşlygynda ýaşylymtyl-sary reňkli, ýyldyz şekilli ownuk güller bilen örtülýär, sentýabr aýyna çenli bolsa ülje-klýukwa tagamly açyk gyzyl reňkli, monjuk şekilli miweleri ýetişýär.
Olaryň şekili, hoşboý ysly şiresi we reňki alymlara asyl nusgasyna örän meňzeşdigi sebäpli bu görnüşi «Türkmen klýukwasy» diýip atlandyrmaga itergi berdi. Çägemigiň miwesiniň düzüminde 8 göterim şeker, köp mukdarda C witamini we karotin bolan alma hem-de limon kislotasy saklanýar. Miweler yssy howada bedeniň umumy ýagdaýyna peýdaly we güýçlendiriji täsir edýär, aşgazan-içege ulgamyny herekete getirýär, sowuklama, witamin ýetmezçiligine we görüşiň peselmegine garşy göreşmäge kömek edýär.
Häzirki wagtda çägemik Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ylmy nahalhanalarynda, Magtymgulydaky ösümlikleriň genetiki gorlarynyň ylmy-önümçilik synag merkezinde (Balkan welaýaty) we Aşgabat şäherindäki Botanika bagynda tohumlardan köpeldilýär. Bu görnüş medeni şertlerde örän gowy ösýär we miwe berýär, +50 C-a çenli yssa we –30 C-a çenli aýazly howa çydaýar, şeýle hem ýarym asyra çenli ýaşaýar.
ORIENT news