Iň täze habarlar

“Samsung” kompaniýasy 6 ýylyň dowamynda ähli kärhanasyny awtomatik dolandyrmagy maksat edinýär

11.01.2024 | 12:01 |
 “Samsung” kompaniýasy 6 ýylyň dowamynda ähli kärhanasyny awtomatik dolandyrmagy maksat edinýär

“Samsung” kompaniýasy ýakyn 6 ýylyň içinde ähli önümçilik kärhanalaryny dolay awtomatlaşdyrmagy maksat edinýär.

Günorta Koreýanyň çipleri öndürmek üçin adam işgärleri bolmadyk, dolulygyna awtomatiki usulda dolandyrylýan kärhanany döretmegiň taslamasyna girişdi. Bellenişi ýaly, bu zawoddaky ähli iş emeli intellekt tarapyndan dolandyrylar.

Kompaniýanyň täze taslamasy “akylly” datçikleriň täze neslini döretmäge ýöriteleşer. Häzirki wagtda neşirýatyň önümçilik işine elektron gözegçilik etmek üçin ýokary innowasion enjamlary döretmek ugrunda iş alnyp barylýar. Ýöne şeýle datçikler has giň mümkinçiliklere eýedir.

“Samsung” kompaniýasynyň öz önümçilik kärhanalaryny doly awtomatlaşdyrmagyň ýolunda ýüze çykyp biljek esasy meseleleriň biri, täze düzümleýin enjamlara adatdan daşary ýagdaýlara awtomatik jogap bermegi "öwredip" bilmezlik bolup durýar. Çünki, şeýle ýaçdaýlarda näme bolup geçjegini öňünden kesgitlemek örän kyn.

“Samsung” kompaniýasynyň 74 ýurtda önümçilik kärhanasy bar. Olarda 270 müňden gowrak işgär zähmet çekýär.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: