Gadjetlere zarýad bermek ukyby bolan oturgyçlar Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda Hançžou şäherinde peýda boldy
31.08.2023 | 13:11 |23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.
Oturgyçlar zarýad berijileri energiýa bilen üpjün edýän gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Her oturgyçda iki sany USB porty we iki sany simsiz zarýad beriji enjam bardyr. Ulanyjylar el telefonlaryny, planşetlerini ýa-da beýleki enjamlaryny birikdirip, ýörite ekranda zarýad derejesine gözegçilik edip bilerler.
Bu oturgyçlar Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda Hançžou şäheri üçin ýeke-täk täze üýtgeşme däldigini bellemeli. Şeýle hem şäherde, bir ýuana programma arkaly bron edip bolýan talap edilýän ýolagçy gatnawy, golografiki penjireleri bolan Aziýa oýunlary üçin ýörite otlylar we umumy ulanmak üçin welosipedler, "bulut awtobusy" ýaly hyzmatlar bilen Aziýa oýunlarynyň tematiki dizaýny bolan transport ulgamyny hem kämilleşdirildi. Şeýle hem, Aziýa oýunlarynyň şekilleri ýol yşklarynda peýda boldy.
Hançžou, şäher hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we Aziýa oýunlarynyň üstünlikli bolmagy üçin amatly şäher gurşawyny döretmäge çalyşýar. Bu bolsa şäherde innowasiýa ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmegine goşant goşýar.
ORIENT news