Iň täze habarlar

Alymlar ilkinji gezek Uly adron kollaýderde neýtrino bölejiklerini synladylar

30.08.2023 | 13:49 |
 Alymlar ilkinji gezek Uly adron kollaýderde neýtrino bölejiklerini synladylar

Alymlara ilkinji gezek Uly adron kollaýderinde dünýäde ähli materianyň içinden geçip bilýän, onuň bilen hiç hili galtaşmaýan iň kiçi we syrly bölejikleri – neýtrinony synlamak başartdy. Munuň özi alymlara tebigatyň binýatlyk kanunlaryna has gowy düşünmäge we Älem nädip dörändigini anyklamaga ýardam berer.

Ozal alymlar neýtrinony bellige alyp bilmeýärdiler, sebäbi olar anyklaýyş serişdeleriniň içinden geçip gidýärdiler. FASER bilen SND@LHC kollobarasiýalaryň alymlary bu bölejiklere syn etmek üçin, ilkinji gezek bahasy gymmat bolmadyk detektorlary ulandylar.

Barlagyň dowamynda Uly adron kollaýderde ýokary energiýaly 153 neýtrinonyň bardygy bellige alyndy. Şeýle netije barlaghana şertlerinde ozal alynmaýardy.

Bu waka elementar bölejikler fizikasynda uly öňe gidişlik bolup, neýtrinonyň häsiýetlerini öwrenmek üçin, şeýle hem ylyma mälim bolan ähli fundomental güýçleri we bölejikleri beýan edýän nazaryýeti – Standart modeli barlamak üçin täze mümkinçilik açýar.

Şeýle hem bu açyşyň netijesinde alymlar materiany düzýän protonlaryň düzümini we hereketini has gowy öwrenip bilerler.

ORIENT news

Foto: Faser Collaboration

Şeýle hem okaň: