“iPhone 15” düýpli özgertmeler bilen çykarylar
04.08.2023 | 18:01 |Meşhur smartfon modeliniň indiki nesli “iPhone 15” düýpli özgertmeleri özünde jemlär. Bu özgertmeler ilkinji nobatda, programma düwmesini, ulaldylan ekrany, güýçlendirilen kamerany we prosessory özünde jemlär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, “Apple” kompaniýasynyň täze smartfony şu ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylar.
Mälim edilişine görä, täze smartfonda ilkinji gezek öňki kamera üçin “Dynamic Island” diýlip atlandyrylýan goşmaça funksionally bölegi emele getiriler. Täze önümiň “Pro” we “Pro Max” displeýi “LIPO” tehnologiýasy boýunça taýýarlanyp, onuň çarçuwasyny 0,7 millimetre çenli kiçeldilip, onuň galyňlygy 1,5 millimetre çenli ýetiriler. Täzelikler smartfonyň daşky bezeginde hem bolar. Has dogrusy, smartfonyň korpusynyň çarçuwasy titan ergininden, yzky paneli bolsa, aýna görnüşden ýasalar. Täze modeliň içki gurluşynyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň abatlamak ýagdaýynda işi aňsatlaşdyrar.
Şeýle hem, “iPhone 15-iň” täze esaslyk modeli özünde “USB-C” portuny öznde jemlär. Bu “Apple” kompaniýasynyň taryhyndaky ilkinji täzelikdir. Täze port birikidiriji arkaly maglumatlaryň alyş işini çaltlandyrar. Täze smartfonyň kamerasynyň täze obýektiwkasy we giňeldilen optiki zumy bolar. Programmalaşdyrylan “Action Button” düwmesi bolsa, smartfonyň sessiz görnüşe geçirýän düwmesi bilen çalşylar.
ORIENT news