Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňe sürmek üçin Eýrana sapar bilen barar

29.05.2023 | 12:14 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňe sürmek üçin Eýrana sapar bilen barar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňe sürmek boýunça anyk ädimlere garamak üçin Eýrana sapar bilen barar.

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baştutanynyň Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisä iberen we TDH döwlet maglumatlar agentligi tarapyndan çap edilen hatynda aýdylýar.

Şeýle hem taraplaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny ykrar edýändikleri, öňde duran saparyň bolsa döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigi habar berilýär.

ORIENT habarlar

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: