Iň täze habarlar

Türkmen hünärmenleri gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň iň gowy tejribelerini öwrendiler

31.03.2023 | 15:35 |
 Türkmen hünärmenleri gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň iň gowy tejribelerini öwrendiler

Türkmenistanyň howa şertlerinde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň mümkinçilikleri BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan gurnalan seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatynda kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip düzülmegi boýunça halkara tejribesine, ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň energetiki gözegçiligini geçirmekligiň usullarynyna seretdiler.

Olar şeýle hem häzirki wagtda parlamentiň garamagynda bolan «Energiýa netijelilik we energiýany tygşytlamak» hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenip düzülişi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Marydaky Döwlet energetika instituty we BMGÖM tarapyndan gün pänelleri bilen enjamlaşdyrylan energiýa bagly bolmadyk LED-çyralaryň ulanyşa girizilmegi boýunça synag taslamasynyň ýerine ýetirlýändigini belläp geçmelidiris.

BMGÖM-nyň halkara maslahatçysy Ýelena Žuçenkonyň bellemegine görä, energonetijelilik we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde esasy orun eýeleýärler.

Gibrid formatyndaky seminar BMGÖM-nyň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistandaky durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleri toplumlaýyn ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Oňa Energetika ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Marydaky Döwlet energetika institutynyň talyplary, şol ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: