Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt –çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi

03.05.2024 | 09:31 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt –çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi

1-nji maýda, Çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt–çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” we “Tükmenhimiýa” döwlet konsernleri bilen “B” kysymly karbamidi hem-de “SN-350” kysymly binýatlyk ýagy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “TPP D30S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 3 950 000 manat we 2 105 080 dollar bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolýar. .

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: