Iň täze habarlar

Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi geçirildi

16.05.2024 | 18:00 |
 Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi geçirildi

16-njy maýda hepdäniň penşenbe güni Aşgabatda ýerleşýän “Arçabil” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisiň öňsyrasynda muňa gatnaşyjylara bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen halkynyň şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň, däp bolan halk senetçiliginiň nusgalaryny, meşhur türkmen halylaryny, milli lybaslaryny, şaý-seplerini, saz gurallaryny synladylar.

0 Выставка (4).jpg

Soňra myhamanlar mejlisiň geçjek ýerine ýygnandylar. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa mejlisi açdy. Mejlisiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistana TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine başlyklyk etmek üçin ýörite kubok gowşuryldy. TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy 2023-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Azerbaýjanyň Şuşa şäherinden Türkmenistana geçirildi.

20240516_101119.jpg

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow myhmanlara we gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Ministr bu duşuşygy guramakda hyzmatdaşlyk eden TÜRKSOY-ly we ÝUNESKO-ly hyzmatdaşlaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

"Duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklara uly itergi berjekdigine we ÝUNESKO-nyň çäginde işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn"–diýdip Raşid Meredow belledi.

2 Мередов (2).jpg

Şu günki çäräniň tutuş türk dünýäsi üçin möhüm şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, ertir ýylyň möhüm wakasy bien baglanyşykly ÝUNESKO-nyň Milli toparlarynyň agzalarynyň hem medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçiriler. Mundan başga-da, baýramçylyk çärelerine gatnaşan hemmämiz türkmen edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys.

Täze medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň köp ýurtlarynyň, seýle hem şu günki maslahata gatnaşýan ýurtlaryň görnükili ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri otyrdyldy.

Täze medeni we seýilgäh toplumynyň, Magtymgulynyň ölmez-ýitmez goşgularynda wagyz eden halklarynyň dostlugynyň we doganlygynyň aýdyň mysaly boljakdygyny ministr öz çykyşyda belläp geçdi.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini hem-de 2024-nji ýyl TÜRKSOY tarapyndan Magtymguly Pragy ýyly hökmünde yglan edilendigini, bu bolsa ýene bir gezek şahyryň döredijiligine goýulýan hormaty we oňa beberilýän ähmiýetiň ulydygyny ýene bir gezek subut edýändigini nygtady.

Mundan başga-da, Magymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu bolsa meşhur şahyryň dünýäniň medeni mirasyna goşan goşandynyň möhüm ykrarnamasydyr.

1 Общий вид (0).jpg

Türkmenistan taryhy, medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak we ony wagyz etmek üçin uly işleri alyp barýar. Häzirki wagta çenli ýurdyň çäginde bir ýarym müňden gowrak taryhy we medeni ýadygärlik tapyldy we hasaba alyndy. Şolaryň arasynda 1999-nji ýylda «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy we 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi ÝUNESKo-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistan tarapyndan 9 sany maddy däl medeni miras goşuldy. Türkmenistan diňe bir taryhy we medeni taýdan däl, eýsem täsin tebigy ýerlere-de baýdyr. "Olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagyny üpjün etmek üçin işjeň işleýäris"-diýip Raşid Meredow belledi. Geçen ýyl "Turan çölleriniň" ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy miras sanawyna goşulandygyny belläp geçdi.

9 Посол Азербайджана (1).jpg

Hazar deňzi bilen Turan daglarynyň arasynda ýerleşýän 14 bölekden ybarat bu giň araçäk, Türkmenistanda ýerleşýän “Bereketli-Garagum”, “Gaplaňgyr” we “Repetek” goraghanalarynyň ekoulgamlaryny öz içine alýan özboluşly araçäk toplumydyr. Bu hödürnamadan başga-da “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi”atly we Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň çägindäki 31 obýekti öz içine alýan hödürnama ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen 30 ýyldan gowrak wagt bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu döwürde biziň ýurdumyz diňe bir medeni we tebigy mirasy goramak pudagynda däl, eýsem bilim, ylym, medeniýet, döredijilik, sport we ýaşlar ýaly beýleki ugurlarda-da işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde YUNESKO-nyň iki kafedrasy we ÝUNESKO-nyň 5 kluby açyldy we umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy hem-de birnäçe netijeli başlangyçlardyr taslamalar durmuşa geçirildi. "Dünýä mirasyny goramak we medeniýet, bilim we ylym babatynda ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýäris"-diýdip Raşid Meredow belledi.

1 Общий втд (7).jpg

Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda medeniýet diologyny işe girizmek bardaky öňe süren teklibini belläp geçdi.

Şu nukdaýnazardan, bu pikiri durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädim hökmünde, Meredow ýygnaga gatnaşyjylara “Biziň Mirasymyz” atly sebitleýin taslamany işläp düzmegi teklip etdi. Bu taslamanyň maksady, köptaraplaýyn görnüşde sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, taryhy, medeni ýadygärlikleri gözlemek, goramak, dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşmak we ÝUNESKO-nyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň halkara sanawlaryna goşmak üçin bilelikdäki taslamalary öňe sürmekden ybaratdyr.

1 Общий вид (1).jpg

Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda ÝUNESKO-nyň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ony Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektory G. Yususupowa alyp bardy etdi.

Şeýle hem, çäräniň çäginde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe bölümçelerde maslahatlar geçirildi. Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwesiýasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bölümçä Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýädigärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň direkory M.Mämmedow alyp bardy, Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasyny durmuşa geçirmek boýunça bölümçä Türkmenistan Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras bölüminiň başlygy J.Gurbanowa alyp bardy.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew TÜRSOÝ-na agza ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň çäginde ylym-bilim ulgamlarynda hymatdaşlyk etmek boýunça geçirilen bölümçäni alyp bardy.

Umumy Türki medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasy ugrundaky hyzmadaşlyk atly bölümçäni Türki medeniýetiniň we mirasyň halkarar gaznasynyň ýolbasçysy A.Raimkulowa alyp bardy.

Forumyň ahyrynda mejlisiň Jemleýji resminamasy kabul edildi.

15 В Перерыве (2).jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: