Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy

16.05.2024 | 09:07 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy

Sişenbe güni, 14-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.

Özbegistandan telekeçiler gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kompaniýalaryndan nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 707 390 dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: