Iň täze habarlar

Kazan otda oýnalýan hokkeýiň paýtagty bolmagy meýilleşdirýär

17.05.2024 | 11:11 |
 Kazan otda oýnalýan hokkeýiň paýtagty bolmagy meýilleşdirýär

Kazanda geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi» atly XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde şäheri otda oýnalýan hokkeýiň bütindünýä merkezine öwürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar yglan edildi. Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Kazan halkara institutynyň direktory Fisal Hassan eýýäm makullanan iki sany geljegi uly taslama barada habar berdi.

«Kazan – buz üstündäki hokkeý boýunça yslam dünýäsiniň sport paýtagty» atly ilkinji taslama eýýäm üstünlikli ylalaşyldy. Indi gözýetimleri giňeltmäge we Kazany diňe bir yslam dünýäsi üçin däl, eýsem, ähli ýurtlar üçin otda oýnalýan hokkeýi ösdürmegiň merkezine öwürmäge gönükdirilen ikinji taslama üns berilýär. Taslama Russiýa Federasiýasynyň Sport ministrligi hem-de Moskwadaky otda oýnalýan hokkeý federasiýasy bilen eýýäm ylalaşyldy we işjeň ösmegini dowam etdirýär.

Fisal Hasan Kazanyň 50 ýurt, şol sanda Yslam döwletleri, şeýle hem Afrika we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary üçin otda oýnalýan hokkeýiň paýtagty boljakdygyny aýtdy. Abu-Dabiniň Sportuň suwdaky görnüşleri klubynyň wise-prezidenti we ADNOC satyn alyş hyzmatlarynyň başlygy Said Al-Jasmi Birleşen Arap Emirliklerinden türgenleriň 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek BRIKS oýunlaryna gatnaşmak üçin Kazana sapar bilen geljekdigini yglan etdi.

Tatarystan Respublikasynyň Suwda ýüzmek federasiýasy we Abu-Dabiniň Sportuň suwdaky görnüşleri kluby geljekde ösüş we sport pudagynda tejribe alyşmak üçin esas goýjak ylalaşyga eýýäm gol çekdiler. Pars aýlagynyň ýurtlary Russiýa we Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyň açýan mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýärler.

ORIENT news

Foto: tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: