KazanForumyň myhmanlary üçin yşyk şüweleňi guralar
17.05.2024 | 19:38 |17-19-njy maýda Kazan Kremliň diwarlarynda Tatarystanyň paýtagtynyň baý taryhyna we medeni mirasyna bagyşlanan yşyk şüweleňi görkeziler.
Bu ägirt uly şüweleň şu günler Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň jemleýji çäresi bolar. Bu ýyl şüweleňiň tomaşaçylar üçin täze görnüşi taýýarlanyldy.
Bu proeksiýa şüweleňine isleg bildiren her kim tomaşa edip biler. Şüweleň her gün 20:00-da başlap ýary gijede tamamlanar.
ORIENT news