Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri ýerlenildi

02.05.2024 | 14:35 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri ýerlenildi

29-njy aprelde, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatynyň önümleri ýerlenildi.

Türkiýäniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “BND” 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da olar el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 157 204, 70 manat we 394 206 dollar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolýar. .

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: