Ekodünýä
Türkmen bilermenleri Aşgabatda suw baýlyklaryny dolandyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesini ara alnyp maslahatlaşyldylar
22.09.2023
|19:48
|1177
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga degişli karar kabul edýän şahslaryň habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda geçirilen üç günlük seminara gatnaşyjylar, suw baýlyklaryny integrirleýin dolandyrmak, saglyk we bilim ulgamlaryna uýgunlaşmak çäreleri, şeýle hem netijeli pudagara hyzmatdaşlygy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
GDA-da ilkinji gezek CMS konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasy geçiriler
22.09.2023
|19:24
|895
Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Turan düzlügi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
21.09.2023
|11:26
|1667
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerini tutýan Turan düzülügi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt Guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisinde kabul edildi.
Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" Jarnamasyna ilkinji bolup gol çekdi
19.09.2023
|18:53
|1243
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" (Zero Waste) Jarnamasyna meýletin ilkinji bolup gol çeken adam boldy. Bu başlangyç onuň aýaly Emine Ärdogan tarapyndan öňe sürlüpdi diýip, "Anadolu" habarlar agentligi mälim edýär.
Aşgabatda bu hepde howanyň gyzgynlygy +30 gradusdan aşakda bolar
18.09.2023
|20:37
|1022
Hepdäniň birinji ýarymynda paýtagtda howa +23 gradus töwereginde bolup, ikinji ýarymda +21 gradusa çenli peseler. Gijelerine howa +18 - +15 gardus aralygynda üýtgär.
Türkmenistan tokaý hojalygy boýunça Hytaýda geçirilen ministrler maslahatyna gatnaşdy
16.09.2023
|15:51
|1237
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.
GDA-nyň çäklerinde milli ekologiýa bäsleşikleri geçiriler
14.09.2023
|20:59
|1096
“Arassa oýunlar” ady bilen 16 – 24-nji sentýabrda zyňyndylary saýlamak we toplamak boýunça bäsleşikler geçiriler. Şeýle bäsleşikleriň 110-sy Russiýanyň sebitlerinde we 50-si 8 sany ýewraziýa ýurtlarynda geçiriler.
Azerbaýjanda keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji gezek halkara maslahat geçiriler
14.09.2023
|15:28
|1365
Keşdeçilik sungaty boýunça ilkinji halkara maslahat Azerbaýjanda geçiriler. Bu başlangyç Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň dolandyryş mejlisinde makullandy.
Ýaponiýa Aral ýakasynda oba hojalygy ösdürmek üçin 2 million dollar bölüp berdi
13.09.2023
|21:21
|1521
Ýaponiýanyň Hökümeti Aral ýakasynda oba hojalygyny ösdürmek üçin 2 million dollar möçberde serişde goýberdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasy sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama girişdi.
“COP28-iň” çäklerinde ilkinji gezek işewürleriň we haýyr-sahawatçylaryň forumy geçiriler
11.09.2023
|09:37
|1005
1-2-nji dekabrda geçiriljek Howa boýunça Ählumumy sammitiň (COP28) çäklerinde bir wagtda Howa boýunça işewürleriň we haýyr-sahawatçylaryň forumy geçiriler.