Iň täze habarlar

Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" Jarnamasyna ilkinji bolup gol çekdi

19.09.2023 | 18:53 |
 Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" Jarnamasyna ilkinji bolup gol çekdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" (Zero Waste) Jarnamasyna meýletin ilkinji bolup gol çeken adam boldy. Bu başlangyç onuň aýaly Emine Ärdogan tarapyndan öňe sürlüpdi diýip, "Anadolu" habarlar agentligi mälim edýär.

Jarnama gol çekmek dabarasy Nýu-Ýork şäherindäki "Türk öýünde" geçirildi. Ärdogan bu halkara resminama onlaýn platformada ( zerowastecommitment.com) gol çekdi.

Zyňyndylaryň nol derejesini gazanmagy maksat edinýän bu halkara resminama goşulmaklyk onlaýn platformada 18-nji sentýabrdan elýeterli boldy.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: